Samsung

Türkmen wekilleri energetika boýunça Owganystanda gepleşikleri geçirdiler

Türkmen wekilleri energetika boýunça Owganystanda gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mulla Abdyl Latif Mansur bilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisini durmuşa geçirmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Bu barada “DABS” kompaniýasy habar berýär.

Taraplar Gerat sebitinde ýerleşýän Nur-al-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine garadylar. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin üçtaraplaýyn gepleşikleri geçirmegiň wajyplygy bellendi. Türkmen tarapy by teklibi makullap, elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigine owgan ministrine ynandyrdy.

Türkmen energiýasy 2024-nji ýylda Owganystan eksport etmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gerat sebitinde täze podsansiýanyň işe girizilmegi bilen goňşy döwlete elektrik energiýasynyň eksporty 70 megawatdan 110 megawata çenli artar.

Ikitaraplaýyn duşuşyk Owganystanyň çäginde geçirildi.

ORIENT news