Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýük daşalyşyny 30 göterime golaý artdyrdy

18.09.2023 | 21:22 |
 Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýük daşalyşyny 30 göterime golaý artdyrdy

"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýanwar - awgust aýlarynda ýük daşalyşyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 28,6 göterim artdyrdy. Bu barada kompaniýanyň web-saýtynda habar berilýär.

Geçen 8 aýda dürli görnüşli ýükleriň 1 million 509 müň tonnasy daşaldy. Daşalan konteýner ýükleriň möçberi 2,6 esse ýokarlanyp, jemi 2 773 konteýner birligine barabar boldy.

Ýük dolanyşygy geçen ýylyň 8 aýyndakydan 25,4 göterim ýokarlanyp, jemi 626, 355 million tonna-kilometre deň boldy.

Ýolagçy gatnatmagyň görkezijisi hem 65,5 göterim artyp, 6,194 million ýolagçy-kilometre deň boldy.

Görkezijileriň artmagy ilkinji nobatda çig nebitiň we nebit önümleriniň eksport möçberiniň artmagy we önüm iberijileriň milli flot arkaly ýük ibermäge bolan gyzyklanmalarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

ORIENT news

Foto: Redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: