Döwlet hyzmatlary portalynda 490-dan gowrak hyzmat elýeterlidir

Döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynda 490-dan gowrak onlaýn hyzmat elýeterlidir. Türkmenistanlylar portalda aragatnaşyk, bilim, saglygy goraýyş, ulag we logistika, mahabat, jemagat, pasporty resmileşdirmek, iş üpjünçilik, rugsatnama almak we başga-da köp sanly hyzmatlary peýdalanyp bilerler. Platforma arkaly onlaýn hukuk kömegini alyp bolýar.
Mysal üçin, portaldaky "Aragatnaşyk hyzmatlary" bölümine girip, oturan ýeriňde internet, telefon, IP-telewideniýe, onlaýn kinoteatr üçin tölegleri töläp, poçta çaparyny çagyryp we beýleki hyzmatlary ulanyp bolýar. "Pasport resmileşdirmek" bölümine girip, Döwlet migrasiýa gullugynda degişli hyzmat üçin elektron nobata durup bolýar.
Döwlet hyzmatlary portaly 2021 - 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde 2019-njy ýylda işe girizildi. Türkmen we rus dillerinde eleýeterli bolan hyzmatlar portaly Türkmenistanda hödürlenýän ähli onlaýn hyzmatlara "bir penjire" bolup hyzmat edýär. Onda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny resmi web-saýtlary hem bar.
Döwlet hyzmatlary portalyny ulanmak üçin degişli ýerlere şahsy maglumatyňy girizmek arkaly hasaba alynmak zerurdyr.
ORIENT news