Aşgabatda bu hepde howanyň gyzgynlygy +30 gradusdan aşakda bolar

Aşgabatda howanyň gyzgynlygy üstümizdäki hepdäniň bütin dowamynda +30 gradusdan aşakda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Gidrometreologiýa baradaky döwlet komiteti habar berýär. Howanyň iň ýokary gyzgynly +28 gradusa barabar bolup, dynç günleri +26 gradusa çenli peseler.
Hepdäniň birinji ýarymynda paýtagtda howa +23 gradus töwereginde bolup, ikinji ýarymda +21 gradusa çenli peseler. Gijelerine howa +18 - +15 gardus aralygynda üýtgär.
Bütin hepdäniň dowamynda ýagyşsyz, açyk howa bolup, pes tizlikli, has dogrusy sekuntda 5 - 3 metre ýetýän şemal öwser.
ORIENT news