Iň täze habarlar

Türkmenistana Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji medalyny getiren Polina Gurýewa bilen Er-Riýad şäherinden söhbetdeşlik

17.09.2023 | 23:59 |
 Türkmenistana Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji medalyny getiren Polina Gurýewa bilen Er-Riýad şäherinden söhbetdeşlik

Polina Gurýewa barada eşitmedigimiz ýok bolsa gerek. Ol 2021-nji ýylda Tokio şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji medaly gazanyp, taryha girdi.

23 ýaşly Polina häzirki wagtda diňe bir meşhur agyr atletikaçy türgen bolman, ol hem bagtyýar maşgala we enedir. Ol häzirki wagtda Er-Riýad şäherinde geçirilýän Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik edýär.

Saud Arabystanynda bolýan agyr atletikaçy türgenimiz "ORIENT" bilen söhbetdeş bolup, Tokio Olimpiadasyndaky üstünlikli çykyşdan soň, geçen 2 ýyl barada gürrüň berdi.

-Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi bolanyňyzdan soň, durmuşyňyzda näme üýtgeşmeler bolup geçdi? Bu waka siziň durmuşyňyzy üýtgetdimi?

-Elbetde! MEniň durmuşym ondan öň hem soň hem düýpli üýtgedi. Ýöne, 2 ýyl geçendigine garamazdan, men ol günleriň begenjini şol wagtky ýaly duýýaryn we ýatlaýaryn. Men öz çykyşmyzyň wideoýazgysyna ýygy-ýygydan tomaşa edýärin. Eden işiňden hoşal bolup däl-de, men şondaky hereketlerimi we säwliklerimi öwrenmek üçin tomaşa edýärin we muşdaklarymyň galdyran teswirlerini okaýaryn. Bu maňa uly güýç berýär. Öz medalymy ýörite saklaýaryn we ony kateler elime alyp görýärin. Bilýäňizmi, bu diňe bir maňa berlen ýokary sylag bolman, meni goldan her bir adamyň sylagy.

-Siziň üçin sylaglanyş dabarasyny goşmanyňda, Olimpiýa oýunlarynda iň ýatda galyjy waka näme?

-Dogrymy aýtsam, çykyşymdan we sylaglanmak dabarasyndan başga hiç zat ýadyma düşenok. Biz hatda, pandemiýa ýagdaýlary sebäpli şähere aýlanmaga hem çykmadyk we hemme wagtda Olimpiýa şäherjiginde bolduk.

1 (4).jpg

-Durmuşa çykanyňyzdan we eje bolanyňyzdan soň, agyr atletika boýunça has ýokary sepgitlere ýetmäge höwesiňiz barmy?

-Elbetde, muňa höwesim bar. Öňüňde maksat bolsa, adaty enelik aladalary seni bu zatlardan ünsüňi sowmaýar. Bu maksat bolsa mende bar. Olimpiýa oýunlarynyň ýene bir medalyny - bu gezek ýöne altyn medal gazanmak isleýärin.

-Şeýle ýokary derejedäki ýaryşlaryň ýokary derejedäki bäsdeşleriň döredýän tolgunmasyndan nädip saplanýarsyňyz?

-Meniň pikirimçe, nähili bäsdeş bolanda-da olardan howuňy basmaly däl-de, olara öz kärdeşiň hökmünde garamaly we ýetmez taraplaryňy öwrenmeli. Sport - bu güýçlüdigi, akyllydygy ykrar etdirilýän ýer däl-de, iň gowy netijä ýetmek ugrundaky umumy çemeleşme bolup durýar. Biz hemme kynçylyklary ýeňip, bir-birimiz bilen deňleşýäris, soň mundan has öňe gitmäge taýýarlanýarys.

-Olimpiadanyň ýolunda siziň öňüňizde kynçylyklar boldumy?

Has uly zada barylýan ýolda her bir adamyň, türgeniň öňünde şahsy meseleler we päsgelçilikler bolýar. Bular mende hem ýeterlik bolupdy. Tälimçimiň ýakyndan ýardam bermeginde, ähli kynçylyklary ýeňmek başartdy.

-Sport karýeraňyzy okuw we maşgala durmuşy bilen nädip utgaşdyrýarsyňyz?

-Ýoldaşym maňa her bir işde maňa ýakyndan ýardam berýär. Ejem çagamyza seretmekde ýakyndan goldaw berýär. Ýakynlarymyň şeýle goldawy bilen maňa bu zatlary hötde gelmek başardýar.

-Maşgalada çaganyň dogulmagy uly sporta gaýtadan dolanmakda kynçylyk döredýärmi?

-Ýok, kynçylyk döretmeýär. Ýöne, geçen döwürde ştangany şeýle küýsänimi boýun alýaryn. Oguljygym bolandan 2 ýyl soň, öňki ýagdaýyma gelmek üçin türgenleşýärin.

-Öz ýoluňyzda ussatlygyny nusga edinýän halypaňyz barmy?

-Agyr atletikaçymyz Altymyrat Orazdurdyýew meniň nusgalyk halypam. Ol halkymyz üçin belli türgen, meniň üçin bolsa hakyky rowaýat. Ol ähli türkmenistanly agyr atletikaçylary ruhlandyrýan nusgalyk halypa diýsem, ýalňyşmasam gerek. Elbetde, 3 gezek Dünýäniň çempiony, şonça hem Ýewropanyň çempiony, Aziýanyň çempiony, Olimpiýa oýunlarynyň rekordsmeni - bu derejeleri haýsy türgen arzuw etmez?!

-Agyr atletika sportuna nädip geldiňiz?

Meni 2012-nji ýylda, 12 ýaşymda kakamyň dostunyň tälim berýän sport bölümine eltdiler. Adaty zat bolmany üçin, bu ýer maňa derrrew ýarady. Elbetde, hemme zady birbada aňrybaş derejede aldyrmady, ýöne her nämede bolsa, bu sporty hiç wagt taşlamazlygy ýüregme düwdüm we öňe gitmegi maksat etdim.

65076d418122b764555598.jpg

-Türkmenistandan Olimpiýa oýunlaryň ilkinji medalçysy-ha bolduňyz. Indiki maksadyňyz Pariž. Ondan soň näme?

-Meniň Tokioda gazanan üstünligimiň ýurdumyzyň ýaş türgenlerini ruhlandyrandygyna begenýärin. Bu sport görnüşi boýunça ýurdumyzdan Olimpiýa baýraklaryny eýeleýänleriň geljekde köp boljakdygyna ynanýaryn. Geljekki maksatlarym barada aýtsam, Parižde hem medala eýe bolup bilsem, sport karýeramy tamamlamagy we bar durkum bilen maşgala berilmegi meýilleşdirýärin.

Artur PETROSYANTS

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: