Samsung

"Ahalyň" garşydaşy "Al-Feýha" topary Türkmenistanda türgenleşik geçýär

"Ahalyň" garşydaşy "Al-Feýha" topary Türkmenistanda türgenleşik geçýär

Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Çempionlar ligasynda "A" toparçada çykyş edýän "Ahal" toparynyň ilkinji garşydaşy Saud Arabystanynyň "Al-Feýha" futbol topary Türkmenistana geldi we ilkinji türgenleşiklerini geçdi.

"Al-Feýha" toparynyň baş tälimçisi, serbiýaly Wuk Raşowiç "ORIENT" bilen geçiren söhbetdeşliginde öňde boljak duşuşyk barada şeýle diýdi:

— Biziň toparymyz Türkmenistanyň çempiony, geçen gezekki möwsümde netijeli çykyş eden "Ahal" topary bilen ýeňil bolmadyk duşuşyga taýýar. Biziň AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etmäge ýeterlik tejribämiz bar we pleý-off oýunlaryna çykmagy meýilleşdirýäris. Biz hiç bir garşydaşymyza kembaha garaman, diňe ýeňiş ugrunda göreşeris. Toparymyz iň gowy oýunlary görkezmegi maksat edinýär. Öňde boljak duşuşygyň dostluk we sport ýagdaýynda geçjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistana gelşine türgenleşige girişmegiň sebäbini soranymyzda, ol munuň futbolçylaryň ýerli howa ýagdaýlaryna uýgunlaşmagy bilen baglydygyny belledi. Bu türgenleşikler ýeňil görnüşde, beden myşsalaryny we bogunlaryny berkitmek maksady bilen geçirildi. Tälimçiniň pikiriçe, topar öňde boljak duşuşyga taýýar.

Türkmen futbol toparynyň ertir - 19-njy sentýabrda, sagat 21:00-da paýtagtymyzdaky "Aşgabat" köpugurly sport toplumynda "Al-Feýha" toparyna garşy AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygy badalga alýar.

Artur PETROSYANTS