Samsung

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşinde ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň mejlisine wekilçilik etdi

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşinde ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň mejlisine wekilçilik etdi

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşinde ykdysady meseleler boýunça Komissiýasynyň Moskwada bolup geçen nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.

Komissiýanyň agzalary, Arkalaşygyň agza-ýurtlarynyň pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralarynyň wekilleri 2022-nji ýylyň 10-njy iýunyndaky Ýüze çykýan meselelere bilelikde jogap çärelerini gaýtarmagyň Sanawyny möhüm derejä çykarmagyň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäreleriň bu toplumy energetika we azyk howpsuzlygyna, özara söwda babatynda päsgelçilikleri kemeltmek, GDA-nyň giňişliginde erkin söwda zolaklarynyň işlemegi we beýleki möhüm ugurlara degişli meseleleriň giň görnüşlerini gurşap alýar. Bilermenler topary tarapyndan işlenip düzülen jogap gaýtarmak çäreleri döwletleriň arasynda dürli ugurlarda netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

ORIENT habarlar