Türkmenistan we Pakistan täze söwda ylalaşygyna gol çekmäge taýýarlanýarlar

Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti ikitaraplaýn söwda ylalaşygyny işläp gutarmak we oňa gol çekmek üçin ýakyn wagtda Pakistana baryp görer, sebäbi iki ýurduň arasyndaky üstaşyr söwda baradaky meseläniň çözülmegi uly ösüşe eýe boldy.
Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow duşenbe güni pakistan işewüri bilen duşuşygynyň barşynda gürrüň berdi – diýip, Nation neşiri habar berýär.
Maslahata suwuklandyrylan Nebit gazyny öndürijileriň birleşmesiniň ýokary wezipeli adamlary, Pakistanyň Söwda-senagat edarasy, E-Light, Gold Gas Pvt. kompaniýalar topary gatnaşdylar. Gol çekilmegi meýilleşdirilýän ylalaşyk Aşgabat bilen Yslamabadyň arasyndaky tutuş üstaşyr söwdanyň hereketlendirijisi bolar.
ORIENT habarlar