Samsung

DIM-niň HGI-da diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça internet-olimpiadanyň ýeňijilerini sylagladylar

DIM-niň HGI-da diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça internet-olimpiadanyň ýeňijilerini sylagladylar

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça internet-olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglady.

Ýurduň 11 ýokary okuw mekdebinden 120-den gowrak gatnaşyjyny ýygnan intellektual görkeziliş 8 ýeňijini we 48 baýraga mynasyp bolanlary kesgitledi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary birinji ýerleriň hormatly eýeleri boldular – Abdyleziz Saryýew, Enejan Açylowa, Serwi Nuryýewa, Saida Halmamatowa, Begli Ataýew, Kemal Annagurbanow, Amangül Nurjanowa, Derkarberdi Orazberdiýew.

Ikinji ýerde HYYÖU-niň alty talyby we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary boldular.

41 sany üçünji ýer ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem ýurduň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyplarynyňky boldy.

Umumy hasapda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary baýrakly orunlaryň iň köpüsine mynasyp boldular. Ikinji ýerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti boldy. Liderleriň üçlügini Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty jemledi.

Talyplar olimpiadasynyň ýeňijilerini we baýraklara mynasyp bolanlary dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň degişli derejelerdäki diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar.

Intellektual görkezilişiň esasy wezipeleri: ýokary başarnygy, zehini we ukyby bolan talyplary ýüze çykarmak, olaryň okuw we akyl ýetiriş gyzyklanmalaryny goldamak, olary ylmy döredijilige çekmek, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda maglumatlar we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak boldy.

Mundan başga-da, DIM-niň HGI-nyň diwarlarynda ekologiýa boýunça internet-olimpiadada ýokary netijeleri görkezen 10-11-nji synp okuwçylaryny dabaraly gutlamak çäresi geçirildi. Bäsleşige 350-ä golaý adam gatnaşdy, olardan 45-si ýörite diplomlara, şeýle hem ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

Artur PETROSÝANS