Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy ýylyň başyndan bäri 2,5% artdy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 2,5% artyp, $312,6 mln görkezijä ýetdi. Ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn saldosy $204 mln amerikan dollaryndan gowrakdyr – diýip, Review.uz. habar berýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurda $258,5 mln amerikan dollaryna barabar harydy eksport etdi, $52,1 mln amerikan dollarlyk harydy bolsa — import etdi. Ýurt Gazagystandan we azajyk derejede Gyrgyzystandan soňra Özbegistanyň üçünji esasy söwda hyzmatdaşydyr.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň Özbegistanyň umumy haryt dolanyşygyndaky ülşi 13% deňdir. Umuman, bu döwürde resmi taýdan Daşkent ýurtlar bilen ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny 6,2% artdyrdy.
Özbegistan Türkmenistandan harytlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda energiýa serişdelerini işjeň satyn alýar.
ORIENT habarlar