Samsung

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: ýeňil senagatyň önümleri ýokary islege eýe boldy

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: ýeňil senagatyň önümleri ýokary islege eýe boldy

Anna güni, 26-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $390,4 müň amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýeden we BAE-den gelen işewürler 142,8 müň kg nah ýüplügiň dürli görnüşlerini jemi $265,4 müň amerikan dollaryna satyn aldylar. Önümiň her kg $1,70 amerikan dollaryndan $1,87 amerikan dollaryna çenli baha berildi.

Beýik Britaniýadan gelen telekeçi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden 50 müň kg asafetidi - dermanlyk ösümlikleriň köklerinden alnyp, guradylan şerbeti satyn aldylar. Lukmançylykda we kosmetologiýada giňden ullanylýan önümiň her kg $2,50 amerikan dollary baha berildi. Geleşigiň jemi bahasy $125 müň amerikan dollaryna deň boldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar