Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» adyna eýe boldy

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Serdar Rahymow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ylmy-bilim edaralarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň çäklerinde «GDA-nyň iň gowy talyby» adyna eýe boldy.
Serdar Rahymowyň GDA-nyň giňişliginde bilimiň, ylmyň, sungatyň we sportyň ösmegine goşan goşandyna bäsleşigiň eminleri tarapyndan ýokary baha berildi, olar oňa I derejeli Diplom gowşurdylar, şeýle hem «GDA-nyň iň gowy talyby» medalyny gowşurdylar.
«Ýylyň iň gowy talyby » taslamasy Gazagystanyň Bilim we ylym ministrliginiň, ýuridiki şahslaryň birleşmesi görnüşindäki «“Bobek” umumymilli hereketi» birleşiginiň goldaw bermeginde ýaş alymlaryň Halkara birleşmesi tarapyndan guraldy.
Bäsleşige şeýle hem Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylardan ylym, sungat, sport ugurlary boýunça ýüz tutmalar kabul edildi. Bu bäsleşige gatnaşan talyplaryň ähli üstünlikleri «GDA-nyň iň gowy talyby» halkara kitap ýygyndysyna giriziler.
Ozal Serdar Rahymow «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy — 2022» bolupdy, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasyndaky ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdy. Häzir Serdar bugdaý kesindilerinden ýasalýan biologik usulda dargaýan bir gezeklik ulanylýan gaby döretmek boýunça taslamanyň üstünde işleýär, ol milli we halkara bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolupdy.
ORIENT habarlar