Samsung

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ärdogany Türkiýäniň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ärdogany Türkiýäniň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň maşgala agzalary Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady – diýip, TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurduň baştutanyny telefon arkaly syýasy üstünligi bilen gutlady, bu güni türk halky üçin taryhy gün diýip atlandyrdy.

Gutlag üçin minnetdarlyk bildirip, Ärdogan Türkiýäniň mundan beýläkde Türkmenistan bilen däp bolup gelýän dostlukly özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri görjekdigini tassyklady.

Taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmeklige ygrarlydygyny bellediler.

ORIENT habarlar