Samsung

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Türkmenistan bilen Eýranyň portlarynyň infrastrukturasyna maýa goýmak mümkinçiligine gyzyklanma bildirýär

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Türkmenistan bilen Eýranyň portlarynyň infrastrukturasyna maýa goýmak mümkinçiligine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň we Eýranyň deňiz we guryýer portlarynda infrastrukturanyň gurluşygyna maýa goýmak pikiri penşenbe güni Moskwada Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Ýokary geňeşiniň mejlisinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň eden çykyşynda teklip edildi. Bilelikdäki maýa goýumlary Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň eksport geografiýasyny ep-esli giňelder we guramanyň agza ýurtlarynyň maddy-tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirer – diýip, gazak lideri aýtdy. Bu barada Akordanyň resmi Telegram kanaly habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti EAEU-nyň soňky netijede Ýewropa bilen Aziýanyň, global Günorta we Demirgazygyň arasynda baglanyşyk boljakdygyna ynam bildirdi. Şol bir wagtyň özünde Tokaýew “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini Hazar transmilli ugry bilen bilelikde ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu taslamada Gazagystanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ygtybarly logistika merkezi hökmünde çykyş etjekdigini, bu ugurda özüniň ähli mümkinçiliklerini we çeşmelerini ulanjakdygyny belledi.

Yglan edilen meýilnamalaryň gysga möhletlerde ýerine ýetirilmegi üçin Gazagystanyň döwlet baştutany uzynlygy 2873 kilometre barabar Çelýabinsk-Bolaşak- Eýran demir ýoly boýunça ýokary tizlikli ýük otlylaryny işe girizmegi teklip etdi. Tokaýew Bolaşak-Eýran demir ýolunyň bir böleginiň Türkmenistanyň çäginden geçýändigine ünsi çekdi.

ORIENT news