Samsung

Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň artyşy 7% derejesinde bellenildi

Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň artyşy 7% derejesinde bellenildi

Balkan welaýatynda üstümizdäki ýylyň ýanwar-aprel aýlaryndaky senagat önümçiliginiň ösüşi 6,559 mlrd manat möçberine ýetip, 7% deň boldy – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şol bir wagtda, welaýatda bölek satuwyň möçberi artdy, ol 2,6 mlrd manada deň boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 9% köpdür.

Balkan welaýaty ykdysady-geografiki amatly ýerleşenligi we baý tebigy serişdeleriniň, şol sanda uglewodorod serişdeleriniň ummasyz gorlarynyň barlygy sebäpli syýahatçylykda, nebit we gaz çykarmakda, himiýa senagatynda uly ösüşli geljege eýedir.

ORIENT habarlar