Samsung

Türkmenistan we Latwiýa MA bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag ulgamynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar

Türkmenistan we Latwiýa MA bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag ulgamynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar

Ulag babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-Latwiýa iş toparynyň mejlisini 12-16-njy iýunda Latwiýa Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Taraplar Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegine gararlar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hökümetiň 26-njy maýda geçirilen mejlisiniň barşynda habar berdi.

Mundan başga-da, bilelikdäki iş topary TRASEKA (Ýewropa-Kawkaz-Aziýa) halkara ulag geçelgesini ara alyp maslahatlaşar. Ozal Türkmenistanyň şu ýylyň güýzünde bu maksatnamanyň agzasy boljakdygy habar berlipdi, bu bolsa oňa şu ugruň 13 agza-ýurduna erkin elýeterliligi almaga mümkinçilik berer.

ORIENT habarlar