Matwiýenko Türkmenistan bilen RF-nyň arasynda täze parlamentara ylalaşygyna gol çekmegi teklip etdi
26.05.2023 | 17:31 |Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýalar Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda täze ikitaraplaýyn parlamentara ylalaşygyna gol çekmegi teklip etdi. Bu barada Federasiýalar Geňeşiniň resmi saýty habar berýär.
Duşuşyk Sankt-Peterburgdaky Newa halkara ekologiki kongresiniň meýdançasynda geçdi.
«Türkmenistanyň parlamentiniň gurluşynyň üýtgedilengini göz öňünde tutup, biziň mundan beýläkki özara gatnaşygymyzy nähili usulda gurjakdygymyz, hyzmatdaşlygyň häzirki mehanizmlerine nähili uýgunlaşmanyň zerurdygy barada bilelikde pikirlenmegi teklip edýäris» - diýip, Federasiýa Geňeşiniň başlygy aýtdy we taraplaryň öňünde umumy wezipäniň – iki döwletiň bähbidi üçin işlemegiň durandygyny nygtady.
Walentina Matwiýenko şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň ikinji Parlamentara forumyna taýýarlanmakda we onuň sekretariatyny döretmekde işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň birinji Parlamentara forumyny Türkmenistan 2022-nji ýylda kabul edipdi.
Arkalaşygyň parlamentariýleriniň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň öndürijilikligini we netijeliligini belläp, FG-niň başlygy Türkmenistanyň Guramada deňhukukly agza hökmünde işi dowam etdirmek üçin GDA PA-nyň Konwensiýasyna birikmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ol türkmen kärdeşini GDA-nyň PA-nyň çärelerine gatnaşmaga çagyrdy, güýzki sessianyň üstümizdäki ýylyň noýabrynda Bişkekde boljakdygyny ýatlatdy.
Öz gezeginde Dünýägözel Gulmanowa FG-niň başlygyna X Newa halkara ekologiki kongresiniň işine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi we ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynyň möhümdigini belledi.
ORIENT habarlar