BAE-de galyndylary gaýtadan işlemek üçin doly elektrikde işleýän ýük ulaglaryny hödürlediler

2050-nji ýyla çenli zyňylmalaryň nol derejesini gazanmak boýunça başlangyjyň çäklerinde BAE-de galyndylary gaýtadan işlemek boýunça ilkinji doly elektrikleşdirilen ýük ulaglaryny görkezdiler. Olar Renault Trucks Middle East we Al Masaood kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynyň netijesinde öndürildi we Abu-Dabide ulanylar.
Renault Trucks ýokary temperaturalarda ýük ulaglarynyň häsiýetnamalaryna baha bermek üçin synag maksatnamasyna badalga berer, esasy ugurlarda zarýad beriji stansiýalar bilen bagly meseleleri çözer. Elektrik ýük ulaglarynyň ulanylmagy kömürturşy gazynyň zyňylmagyny her ýylda 4 müň tonna çenli azaltmaga ýardam eder.
«Häzirki wezipe howanyň bütindünýä maýyllaşmasyna garşy göreşmekdir we biz özümiziň häzirki zaman ýük ulaglarymyzyň awtoulaglara bolan bütindünýä talaplaryny kanagatlandyrmaga ukyplydygyna buýsanýarys» – diýip, Renault Trucks International kompaniýasynyň prezidenti Oliwýe de Sen-Meleuk aýtdy we kompaniýanyň eýýäm 130 ýyla golaý wagt bäri ulag çözgütlerini işläp düzmekde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini belledi.
ORIENT habarlar