Samsung

Stambulda UEFA-nyň çempionlarynyň festiwaly geçer

Stambulda UEFA-nyň çempionlarynyň festiwaly geçer

Stambul UEFA-nyň çempionlarynyň Ligasynyň «Mançester Siti» bilen «Inter» toparlarynyň arasyndaky final oýnuň başlanjak wagtynyň hasabyny ýöredýär, ol 10-njy iýunda Atatürk adyndaky olimpiýa stadionynda geçiriler.

Jemleýji oýun bilen birlikde futbol söýüjilere ondan kem bolmadyk gyzykly we ajaýyp waka – UEFA-nyň çempionlarynyň Festiwaly garaşýar.

Ýenikapy etrabynda geçiriljek festiwal bütin dünýädäki janköýerler üçin açyk bolar, olara UEFA-dan dört günlük çäreleriň maksatnamasy hödürlener – ekologiki çäreler, zenan toparlarynyň oýunlary, ýaryşlar, çagalaryň we ýaşlaryň arasyndaky bäsleşikler, şeýle hem jemgyýetçilik üçin oýunlaryň tölegsiz seanslary.

Festiwal 8-nji iýunda – UEFA-nyň çempionlarynyň Ligasynyň baýragy, klublaryň arasyndaky futboldaky iň islenilýän baýrak ýörite ýerine gelende başlanýar. 8-nji iýundan 10-njy iýuna çenli janköýerler baýrak bilen surata düşüp bilerler, şeýle hem UEFA-nyň çempionlarynyň Ligasynyň resmi dükanynda eksklýuziw harytlary edinip bilerler.

Çempionlaryň festiwaly 11-nji iýunda ýörite myhmanlaryň gatnaşmagyndaky konsert bilen tamamlanar. Onda ýygnalan serişdeler Türkiýede 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolan weýrançylykly ýer titremesinden ejir çekenlere kömek bermek üçin ulanylar.

ORIENT habarlar