Samsung

Russiýa, Gazagystan we Özbegistan «üç taraplaýyn gaz birleşigini» döretmegi ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirýärler

Russiýa, Gazagystan we Özbegistan «üç taraplaýyn gaz birleşigini» döretmegi ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirýärler

Russiýa, Gazagystan we Özbegistan «üç taraplaýyn gaz birleşiginiň» çäklerindäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirýärler – diýip, Russiýanyň energetika ministri Nikolaý Şulgine salgylanyp, TASS habar berýär. Taslama Russiýanyň gazynyň bu ýurtlaryň çägi bilen iberilmegini göz öňünde tutýar.

«Bu ara alyp maslahatlaşma ýagdaýynda» – diýip, ol habarçylara aýtdy.

Gazagystana we Özbegistana «üç taraplaýyn gaz birleşigini» döretmek teklibi bilen Russiýa geçen ýylyň noýabrynda üç döwletiň gaz pudagyndaky täjirçilik bähbitlerini utgaşdyrmak maksady bilen çykyş edipdi.

Şu ýylyň ýanwarynda Özbegistanyň we Gazagystanyň energetika ministrlikleriniň «Gazprom» ÖPJ bilen hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekildi.

ORIENT habarlar