Russiýa «ÝAYB-de öndürildi» söwda nyşanyny döretmegi teklip etdi

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýurtlaryna «ÝAYB-de öndürildi» nyşany bilen bilelikdäki önümçilikleri döredip, senagat kooperasiýasyny ösdürmegi teklip etdi – diýip, guramanyň agza-döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygynyň jemleri boýunça «Wedomosti» habar berýär.
Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Russiýanyň prezidentleri bu ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary toplumlaýyn ösdürmegiň geljegini, aýratyn hem maliýe we ykdysadyýet ugurlaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýeke-täk söwda nyşanyny girizmekden başga, Russiýa tarapy maýanyň üçünji ýurda akmagyndan goramak üçin ýurtlaryň karz-maliýe ulgamynyň pugtalandyrylmagy üçin çykyş etdi.
Mundan başga-da, birleşigiň ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşi we raýatlaryň abadançylygy üçin şertleri üpjün etmek zerurlygy bellenildi. Munuň üçin çykyş edenleriň belläp geçişleri aly, harytlaryň Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň giňişliginde päsgelçiliksiz akymyny amala aşyrmak üçin islendik päsgelçiligi aradan aýyrmak zerur bolup durýar.
ORIENT habarlar