Samsung

Türkmenistan Azerbaýjana uçar kerosininiň eksportyny 2022-nji ýylda 4 esse artdyrdy

Türkmenistan Azerbaýjana uçar kerosininiň eksportyny 2022-nji ýylda 4 esse artdyrdy

Türkmenistan 2022-nji ýylda Azerbaýjana uçar kerosininiň 36,3 müň tonnasyny ABŞ-nyň 39,2 mln dollaryna eksport etdi, bu bolsa 2021-nji ýyldaka garanyňda, 4,2 esse köpdür. Bu barada Azerbaýjanyň Trend agentligi habar berýär.

Türkmenistanda uçar kerosininiň öndürilmegi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda üstünlikli ýola goýlandyr, ol ýerden haryt şol bada deňiz ýoly arkaly Bakuwyň portuna çenli ugradylýar.

2022-nji ýylda Türkmenistan şeýle hem Azerbaýjana bahasy $110,8 mln amerikan dollaryna deň bolan 857 mln kub metr gazy iberdi.

ORIENT habarlar