Türkmenistanda serhetleri saglygy goraýyşyň meseleleri bilen özara arabaglanyşykda dolandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Saglygy goraýyşyň meseleleri jähtinde serhetleri utgaşdyrylan ýagdaýda dolandyrmak Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň (MHG) sebitleýin edarasynyň baş hünärmeni bilen duşuşygynda esasy tema boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýty habar berýär.
Taraplar taýýarlygy üpjün etmekligi, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň migrasiýa edýän täsirini ýurmşatmaklygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Migrasiýa baradaky halkara guramasy migrantlaryň saglygy goraýyşyň hyzmatlary bilen gurşalyp alnyşynyň üpjün edilmegine gatnaşýar, hökümetlere ýokary hilli lukmançylyk gözegçiligini geçirmäge, sanjymlary gurnamaga kömek edýär, şeýle hem lukmançylyk kömeginiň üznüksiz berilmegini üpjün etmäge ýardam edýär.
Migrasiýa prosessinde migrantlara sosial-medeni, ykdysady we ekologiki faktorlaryň ajaýyp toplumy täsir edýär, bu bolsa olaryň saglygy üçin tersin netijeleriň döretmek töwekgelçiligini ýokarlandyryp bilýär.
ORIENT habarlar