Balkan welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilmegi 12% golaý artdy

Balkan welaýatynyň kärhanalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi, hususan-da, — welaýat döwlet elektrik stansiýasynda 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 829 mln kWt/s geçdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 99 mln kWt/s köpdür.
Şeýlelik bilen, günbatar welaýatyň energiýa kärhanalarynda elektrik togunyň önümçiliginiň artmagy 12% deňdir – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Önümçiligiň artdyrylmagy ähli energiýa akymlaryň utgaşdyrylyp işledilmegi we welaýatyň pudaklaýyn desgalarynda kompýuterleşdirilen ulgamlaryň girizilmegi sebäpli gazanyldy.
Türkmenistan diňe bir ýurduň içindäki elektrik toguna bolan islegi kanagatlandyrman, eýsem ony goňşy ýurtlara hem iberýär. Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça bu serişdäniň eksporty 30% artdy.
ORIENT habarlar