Samsung

Gazagystan haryt dolanyşygynyň artmagy sebäpli türkmen banklary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýär

Gazagystan haryt dolanyşygynyň artmagy sebäpli türkmen banklary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýär

2022-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy $438 mln-dan gowrak boldy, ösüş 72% derejesinde bellenildi. Bu barada gazak hökümetiniň baştutanynyň birinji orunbasary Roman Sklýar beýan etdi – diýip, respublikanyň Ykdysadyýet ministrligi habar berýär.

Şeýle hem gazak ätiýaçlandyryş kompaniýasy KazakhExport-yň Türkmenistanyň banklary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýändigi baradaky habar aýdyldy. Bu barada bilelikdäki Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisiniň jemleri boýunça belli boldy.

Şeýle hem Gazagystanyň türkmen energiýa ätiýaçlyklaryny, hususan-da — suwuklandyrylan gazy import etmäge gyzyklanýandygy habar berilýär. «Demirgazyk-Günorta» ugry boýunça harytlaryň durnukly akymyny döretmek niýeti beýan edildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda gazak kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 53 maýa goýum taslamasy hasaba alnandyr.

ORIENT habarlar