Samsung

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny eýesiniň ýerine onuň ynanylan wekili alyp biler

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny eýesiniň ýerine onuň ynanylan wekili alyp biler

Hukuk maglumat portaly Türkmenistanyň Adalat ministrligi ýurduň Içeri işler ministrligi tarapyndan "Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine”girizilen goşmaçalary çap etdi.

Degişli Tertibiň on altynjy böleginiň täze redaksiýasyna laýyklykda, sürüjilik şahadatnamasy synaglardan üstünlikli geçen, ýöne dürli sebäplere görä, mysal üçin saglyk ýagdaýy, daşary ýurda gitmegi we ş.m. sebäpli şahadatnamany eline alyp ýetişmedik adamyň ynanylan wekili tarapyndan ynanç haty esasynda alnyp bilner.

Bu üýtgeşmeler güýje girmezden ozal, sürüjilik şahadatnamasy Türkmenistanda resminamanyň öz şahsy eýesine berilýärdi.

Hereket edýän hukuk namasy Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda kabul edildi. Resminama Türkmenistanyň Içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykaran buýrugyna laýyklykda üýtgedildi we Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy martynda 1694 belgi bilen döwlet belligine alyndy. Resminamanyň doly görnüşi we girizilen üýtgetmeler bilen Adalat ministrliginiň saýtynda tanyşmak bolar.

ORIENT news