Samsung

Toyota, Hyundai we Kia kysymly awtoulaglaryň içki bezeginde özbek derisi ulanylar

Toyota, Hyundai we Kia kysymly awtoulaglaryň içki bezeginde özbek derisi ulanylar

Özbegistanda öndürilen deri “Toyota”, “Hyundai” we “Kia” kysymly awtoulaglaryň içki bezeginde ulanylar. Günorta Koreýanyň ýurtdaky we sebitdäki iň iri deri öndürijisi bolan JM kompaniýasy Özbegistanyň deri zawodlaryndan önüm satyn almak isleýändigini mälim etdi – diýip, “Podrobno.uz” habar berýär.

Deri önümçiligi boýunça dünýä liderlerinden biri hasaplanýan JM kompaniýasy öz önümi bilen Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň iri awtoulag konsernlerini üpjün edýär. Italýan we nemes tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan zawodyň ýyllyk girdejisi 250 million dollara deň.

Koreýa tarapy özbek deri öndürijilerine bilelikde kärhana döretmegi we kärhananyň taýýar önümlerini awtoulag pudagynda ulanmak üçin Günorta Koreýa eksport etmegi teklip etdi. Bu we beýleki taslamalar JM wekiliýetiniň gepleşikler geçirmek üçin aprel aýynda Daşkende amala aşyrjak saparynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylar.

ORIENT news