Samsung

ÝB-de Şengen wizasyny almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmek üçin gepleşiklere badalga berildi

ÝB-de Şengen wizasyny almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmek üçin gepleşiklere badalga berildi

ÝB-niň agza-döwletleri ähli döwletleriň raýatlary üçin Şengen wizasyny almak prosessini sanlylaşdyrmak meselesi boýunça gepleşiklere badalga berilmegini ylalaşdylar, ol prosessiň 2025-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

Üýtgetmeler Şengen wizasyny almak üçin ýüz tutmany onlaýn-görnüşde tabşyrmaga mümkinçilik bermegi, häzirki wiza ýelmenýän kagyzyny sanly resminama bilen çalyşmaga niýetlenendir. Täze girizilme şeýle hem wiza stikerleriniň ogurlanmagy we galplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly töwekgelçilileri azaldar.

Ähli isleg bildirýänleriň Şengen wizasyny almak üçin ýüz tutma tabşyryp biljek ýeke-täk platformasyny döretmek meýilleşdirilýär. Web-saýtda islendik adam ähli gerekli maglumaty görkezip bilýär, resminamalaryň elektron nusgalaryny ýükläp bilýär, şeýle hem ýygymlary töläp bilýär.

Platforma şeýle hem anketanyň eýesine onuň ýüz tutmasy boýunça ahyrky karar barada habar berer.

Şengen wizasyny almak amalynyň sanlylaşdyrylmagy konsullyk gulluklaryna barmagy kemelder, sebäbi diňe ilkinji gezek resminama tabşyrýanlara konsullyga barmak gerek bolar, biometriki maglumatlary eýýäm güýçsüz bolan, şeýle hem daşary ýurt syýahatlary üçin täze resminamasy bolan şahslar konsullyga barmaly bolarlar.

Häzirki wagtda Şengen wizasyna ýüz tutýanlaryň ählisi söhbetdeşlik geçip, wizanyň görnüşine garamazdan birnäçe resminamalary görkezmelidirler.

Syýahatçylyk üçin Şengen wizasyny almak isleýänler degişli ýüz tutmanyň doldurylan formasyny, pasport, iki sany surat, iki tarapyna hem bileti sargyt edip goýmak, ýaşamak üçin ýeriň sargyt edilendigini tassyklamalydyrlar. Resminamalaryň bukjasy ÝB-ne syýahat etmek üçin saglyk ätiýaçlandyryşynyň bolmagyny hem talap edýär.

ORIENT habarlar