Iň täze habarlar

Russiýanyň ykdysadyýet uniwersiteti türkmen mekdep okuwçylaryny rus dilinden olimpiada gatnaşmaga çagyrýar

31.03.2023 | 16:21 |
 Russiýanyň ykdysadyýet uniwersiteti türkmen mekdep okuwçylaryny rus dilinden olimpiada gatnaşmaga çagyrýar

Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysadyýet uniwersiteti RF-nyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň ýardam etmeginde 10-11 synp türkmen mekdep okuwçylaryny lingwistiki olimpiada gatnaşmaga çagyrýar – diýip, Aşgabatdaky Rus öýi habar berýär.

Rus diliniň GDA-daky ýylyna bagyşlanan rus dili boýunça Halkara olimpiada iki tapgyrda geçiriler. Hasaba almaklyk 14-nji aprele çenli amala aşyrylýar.

Olimpiadanyň saýlama tapgyry onlaýn-formatda 16-njy aprele çenli geçer, jemleýji tapgyry — Moskwada baryp gatnaşmak arkaly 12-nji maýda geçer.

Olimpiada gatnaşyjylara uniwersitetden ýadygärlik sowgatlar gowşurlar, ýeňijilere bolsa — ýokary okuw mekdebine girende goşmaça ballar berler.

Plehanow adyndaky uniwersitet bir asyrdan gowrak taryhy bolan Russiýadaky iri ykdysady ýokary okuw mekdebi hasaplanýar.

ORIENT habarlar

Foto: ru.foursquare.com

Şeýle hem okaň: