Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda güýçli şemal bolmagyna we ýagyş ýagmagyna garaşylýar

Apreliň ilkinji günleriniň gelmegi bilen Türkmenistanyň çäklerinde howanyň ep-esli sowamagyna garaşylýar, bu Eýran tarapdan gelýän sowuk atmosfera frontynyň täsiri bilen bolup geçer.
Käbir welaýatlarda güýçli ýeliň bolmagyna, käbir ýerlerde güýçlüligi tupan derejesine çenli, ýagyşlaryň ýagmagyna, ýerli güýçli, tozanly tupanlaryň bolmagyna garaşylýar – diýip, Meteožurnal habar berýär.
Ahal welaýaty
Ýagyşlaryň ýagmagy bilen utgaşyp, howanyň temperaturasynyň peselmegine 1-nji aprelde Ahal welaýatynda syn ediler. Güýçli şemalyň bolmagyna, käbir etraplarda şemalyň tizliginiň – 18-23 m/s ýetmegine garaşylýar. Eger-de 31-nji martda temperaturasy +31-+34 gradusa ýetýän güneşli howa bolan bolsa, 1-nji aprelde termometriň sütüni +15 - +20 derejä çenli aşak düşer.
Balkan welaýaty
Tizligi sekuntda 18-23 m/s ýetýän güýçli şemal Balkan welaýatynda hem bolar. 15-30 mm çenli ygalyň ýagmagyna garaşylýar. Kenarýaka etraplarda temperatura +8 - +13 grdausa çenli aşaklap, howa birden sowar.
Daşoguz welaýaty
1-nji aprelde Daşoguz welaýatynda şemalyň tizligi 13-18 m/s çenli ýeter. Ýagyş ýagmagyna we tupan turmagyna garaşylýar.
Lebap welaýaty
Käbir ýerlerde tizligi – 17-22 m/s ýetýän tozanly gaý bilen gelýän şemal Lebap welaýatyndan hem geçer. Ygalyň ýagmagy we temperaturanyň ep-esli peselmegi mümkin.
Mary welaýaty
1-nji aprelde Mary welaýatynda güýçli ýel bolmagy, tizliginiň 18-23 m/s çenli ýetmegi mümkin. Günüň dowamynda howanyň birden sowamagy we esasy meteorologik görkezijileriň üýtgemegi mümkin.
ORIENT habarlar