Putin watandaşlaryň göçüp gelmek maksatnamasyna üýtgetmeler girizdi

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlaryň meýletin Russiýa göçürilmegine ýardam etmek boýunça 2006-njy ýylda kabul edilen döwlet maksatnamasyna üýtgetmeler girizdi.
Degişli karar hukuk maglumatynyň resmi onlaýn-portalynda çap edildi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Täze girizilen üýtgetmä görä, maksatnama gatnaşmak üçin Russiýanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan, dil gurşawy şertlerinde dilden we ýazmaça gürleşip biler ýaly derejede rus dilini bilýän watandaşlar ýüz tutup bilýärler.
Düzgün RF-nyň çäklerinde ýaşaýan we döwlet maksatnamasyna gatnaşmaga gyzyklanýan daşary ýurt raýatlary üçin hem wajyplygyny saklaýar.
Rus dilini bilýänligini bilim baradaky birnäçe resminamalar bilen ýa-da RF-nyň IIM tarapyndan döredilýän komissiýanyň karary bilen geçirilýän söhbetdeşlik arkaly tassyklap bolýar. Russiýanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan watandaşlar üçin onlaýn-söhbetdeşlik göz öňünde tutulandyr.
Şu kararda Belarusyň, Gazagystanyň, Moldowanyň we Ukrainanyň raýatlaryndan bolan watandaşlaryň bilim barada degişli resminamany görkezmekden we rus diliniň bilim derejesini tassyklaýan söhetdeşligi geçmekden boşadylýandygy bellenilýär.
ORIENT habarlar