Samsung

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly türkmen talyplary bilen RF-nyň çäginde bolmaklygyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly türkmen talyplary bilen RF-nyň çäginde bolmaklygyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew türkmen talyplary bilen Russiýanyň çäginde bolmagyň, oňa girmegiň we ondan çykmagyň düzgünlerini Tatarystanyň IIM-niň wekilleri bilen meýilnamalaýyn duşuşygyň çäklerinde ara alyp maslahatlaşdy – diýip, ýurduň diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Ara alyp maslahatlaşmalar Kazan federal uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçdi. Türkmen talyplary kanunçylyk namalary, ähli daşary ýurt talyplaryna degişli bolan ýokary okuw mekdebiniň düzgünleri barada habardar edildi.

Ýokary okuw mekdebi we döwlet gurluşlary tarapyndan başlangyç berlen bu çäre Russiýa gelýän ähli daşary ýurt talyplarynyň arasynda tapgyrlaýyn geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistandan 30 müňden gorak talyp Russiýada bilim alýar. Olardan 3,7 müňüsi KFU-de okaýarlar.

ORIENT habarlar