Samsung

Gazagystanyň Majilisi Alihan Smailowyň premýer-ministr wezipesine bellenmegini makullady

Gazagystanyň Majilisi Alihan Smailowyň premýer-ministr wezipesine bellenmegini makullady

Gazagystanyň Majilisi (parlamentiň aşaky palatasy) ýurduň premýer-ministri wezipesine Alihan Smailowyň bellenmegini makullady.

Ses bermäge gatnaşan 97 deputatdan 82 deputat Alihan Smailowyň bellenmegi üçin ses berdi, ýedisi garşy çykdy, sekizisi saklandy.

Şunuň yzysüre ýurduň Prezidentiniň resmi saýtynda Smailowyň wezipä bellenýändigi barada karar çykdy.

Ozal Tokaýew Majilisiň plenar ýygnagynda premýer-ministr wezipesine Alihan Smailowy teklip edýändigi barada aýdypdy.

«Amanat» partiýasy onuň dalaşgärligini teklip etdi, biz ýeke-täk pikire geldik. Premýer-ministriň wezipesine Alihan Smailowy teklip edýäris. Siziň ähliňiz ony bilýärsiňiz, ol örän öz işini kämil bilýän tejribeli hünärmen, örän zähmetsöýer adam. Meniň pikirimçe, ol hökümetiň öňünde goýlan wezipeleri örän gowy bilýär, şol sebäpli, oňa premýer-ministr wezipesini ynanyp bolar diýip pikir edýärin» - diýip, Gazagystanyň baştutany aýtdy.

19-njy martda Gazagystanda parlamentiň aşaky palatasynyň deputatlarynyň saýlawlary geçdi. Şondan soňra geçen ýylyň ýanwaryndan bäri Alihan Smailowyň baştutanlyk eden Gazagystanyň hökümeti öz ygtyýarlyklaryny bes edipdi.

ORIENT habarlar