Samsung

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edebiýat bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilmegi tamamlanyp barýar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edebiýat bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilmegi tamamlanyp barýar

31-nji martda şahyrlaryň, ýazyjylaryň we žurnalistleriň arasynda ahalteke bedewleri temasyndan iň gowy eser üçin bäsleşige ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky güni bolar – diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Işlerde türkmen atşynaslygynyň taryhy ajaýyplygy, bu gadymy tohumyň bedewleriniň görmegeýligi, olaryň halkyň sungatyna we döredijiligine edýän täsiri, şeýle hem olaryň şöhradyny saklamak we köpeltmek ugrunda Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler beýan edilmelidir.

«Ganatly bedewler – biziň milli buýsanjymyz» atly bäsleşige Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi tarapyndan badalga berildi.

Berlen temadan hekaýalary, poemalary, goşgulary ýa-da makalalary, şeýle hem özüň hakyndaky maglumaty (F, A, AA, ýaşaýan ýeri, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi we surat) şu salgydaky elektron poçta ugratmaly: doredijilikmedeniyet@sanly.tm.

Gatnaşyjylar 1 ýa-da 2 eser ugradyp bilerler, olar 16möçberdäki Times New Roman şrifti bilen ýazylmalydyr we setir aralygy 1,0 bolmalydyr.

Bäsleşigiň ýeňijileri aprel aýynda yglan ediler. Olara gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar.

ORIENT habarlar