Samsung

Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden geçýän trassanyň gurluşygyny maslahatlaşýarlar

Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden geçýän trassanyň gurluşygyny maslahatlaşýarlar

Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden aýlanyp geçýän trassanyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekip bilerler - diýip, RF-nyň premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin RIA Nowosti agentligine gürrüň berdi.

«18-nji maýda biz Kazan Forum çäresini geçirýäris we ol ýerde Gazagystandan we Türkmenistandan bolan kärdeşlerimiz bilen Hazaryň töwereginden geçýän trassanyň gurluşygyny maslahatlaşmagy meýilleşdirýäris, ähtimal ylalaşyga gol çekeris» - diýip, habarlar agentligi Husnulliniň sözlerini getirýär.

Ozal Russiýanyň «Awtodor» döwlet kompaniýasynyň baştutany Wýaçeslaw Petuşenko ýurduň logistikasynyň gaýtadan sazlanmagyny göz öňünde tutup, Hazar çykalgasynyň uly ähmiýete eýedigini beýan etdi. Bu çykalgany öz gezeginde RF-sy Hytaýa gidýän «Median» trassasy bilen baglanyşykda işlejek Günorta-Gündogar hordanyň gurluşygynyň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

Russiýanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki ýol taslamasynyň ýerine ýetiriliş meýilnamalary barada RF-nyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda Türkmenistana eden iş saparynyň çäklerinde belli boldy. Şol wagt Hazaryň gündogar kenarýakasy boýunça awtomagistralyň gurluşygynyň mümkinçiligi barada habar berlipdi.

ORIENT habarlar