Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Wenada Nowruz baýramynyň bellenilmegine goşuldy

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy we Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Yragyň diplomatik wekilhanalary we «Society» žurnalynyň redaksiýasy Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň metbugat-habarynda aýdylýar.
Çäräniň maksatnamasy döredijilik kollektiwleriniň çykyşlaryny we amaly-haşam sungatynyň sergisini öz içine aldy. Türkmenistanyň pawilýony myhmanlary türkmen halylary, milli şaý-sepleri, türkmen tagamlary, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň dürli dillerdäki ýygyndysy bilen tanyşdyrdy.
Dabaraly çärede Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow çykyş etmek bilen, indiki ýyl Türkmenistanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenip geçiljekdigini ýatlatdy.
ORIENT habarlar