Samsung

Pariždäki Olimpiýa oýunlaryny gurnaýjylar meýletinçileri çagyrýarlar

Pariždäki Olimpiýa oýunlaryny gurnaýjylar meýletinçileri çagyrýarlar

Parižde 2024-nji ýylda boljak Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti fransuzlary, şeýle hem daşary ýurtlylary ýaryşlarda meýletinçi bolmaklyga çagyrýar.

Meýletinçilik maksatnamasy 18 ýaşdan uly bolan, fransuz ýa-da iňlis dilini bilýän adamlar üçin açykdyr. Guramaçylaryň habar bermeklerine görä, çäräni geçirmek üçin 45 müňe golaý adam gerek, olar Pariždäki, Marseldäki, Lilldäki, Nissadaky, Liondaky, Sent-Etýendäki, Nantdaky, Bordodaky, Şatorudaky we Taitidäki resmi meýdançalar boýunça paýlanylar.

Meýletinçileriň wezipe borjuna janköýerleri we akkreditirlenen şahslary garşy almak we ýanynda ýolbelet bolmak; sport wekiliýetlerine kömek etmek; türgenleri ýaryşyň we metbugat maslahatynyň geçirilýän ýerine çenli eltmek; enjamlary eltmekde kömek bermek; lukmançylyk goldawyna gatnaşmak we ş.m. girýär.

Her meýletinçä onuň başarnyklaryna görä iş bermek maksady bilen, ýüz tutmanyň çäklerinde hemmelere onlaýn-anketany doldurmak teklip ediler.

«Paris-2024-e goşulmak – bu meýletinçiler üçin mümkinçilikdir. Meýletinçiler hem - Paris 2024 üçin mümkinçilikdir, sebäbi olar ähli hyjuwyny, kuwwatyny we başarnygyny goşýarlar» – diýip, 2024-nji ýylyň Olimpiadasyny geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetiniň başlygy Toni Estange belledi.

Ýüz tutmalary tabşyrmak 3-nji maýa çenli dowam edýär.

ORIENT habarlar