Samsung

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz we göni arassalanan benzin satuwlarda öňdeligi eýelediler

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz we göni arassalanan benzin satuwlarda öňdeligi eýelediler

Duşenbe güni, 20-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $15,8 mln amerikan dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazyň jemi 8,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna $310 amerikan dollary baha berildi. Baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy $2,6 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler göni arassalanan benziniň 30 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna $439,25 amerikan dollary baha berildi. Nebit önümleri boýunça baglaşylan ähli geleşikleriň jemi bahasy $13,1 mln amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT news