Samsung

Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlary ýeke-täk energiýa bazaryny dörederler

Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlary ýeke-täk energiýa bazaryny dörederler

2025-nji ýylda Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlary ýeke-täk energiýa bazary dörederler. Bu barada energetika we infrastrukrura boýunça Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň Gyrgyzystandan ministri Arzybek Kožoşew Bişkekde geçýän Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň halkara energetika forumynyň meýdanynda beýan etdi – diýip, «Rossiýskaýa gazeta» habar berýär.

Ýeke-täk energiýa bazarynyň çäklerinde energiýa ýetmezçilik eden ýagdaýynda ýurtlar bir-birine kömek edip bilerler. Ministriň aýtmagyna görä, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlarynyň energetika mümkinçilikleriniň biri-birinden tapawutlanýandygyna garamazdan, taraplar bu ugurdan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýärler. Eýýäm esasy hukuk-kadalaýyn namalary döredildi, bileleşigiň ýurtlarynyň tassyklamaly çäreleriniň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şunda elektrik energiýasyny bazar şertlerinde satmak üçin ýeke-täk energiýa bazarynyň çäklerinde ýörite birža dörediler.

ORIENT habarlar