Türkmenistanda migrasiýa boýunça Bütindünýä şertnamasyny ýerine ýetirmek boýunça taslama badalga berildi

Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy «Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetlerine migrasiýa baradaky Bütindünýä şertnamasyny ýerine ýetirmekde ýardam etmek» atly sebitleýin taslamasyna badalga berdi.
Taslama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň şeýle hem sebitdäki gyzyklanýan taraplaryň migrasiýa baradaky Bütindünýä şertnamasyny onuň öňdebaryjy ýörelgelerine laýyklykda ýerine ýetirmekdäki mümkinçiligini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Taslama şeýle hem migrasiýa baradaky Bütindünýä şertnamasynyň ýerine ýetirilişine syn etmek boýunça 2024-nji ýylda boljak Sebitleýin forumyň öň ýanynda migrasiýa meseleleri boýunça Merkezi Aziýada halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga niýetlenendir.
2018-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Hökümeti howpsuz, tertipleşdirilen we kanuny migrasiýa barada Bütindünýä şertnamasynyň kabul edilmegi üçin ses berdi, bu halkara migrasiýasyny dolandyrmaga umumy çemeleşmäni kesgitleýän BMG-niň taryhyndaky ilkinji hökümetara ylalaşygydyr.
ORIENT habarlar