TDHÇB-daky söwdalaşyklar: dizel ýangyjy we nah ýüplügi ýokary islege eýe boldy

Şenbe güni, 18-mji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekili Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň 1 müň tonnasyny satyn aldy, önümiň her tonnasyna $723,75 amerikan dollaryny teklip etdi. Geleşigiň jemi bahasy $723 müň amerikan dollaryndan geçdi.
Türkiýeden gelen işewürler nah ýüplügiň dürli görnüşleriniň jemi 418 müň kg $1 mln amerikan dollaryna satyn aldylar.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar