Türkmenistanda «Şerepli» ýatagynda gazyň senagat akymy alyndy

Tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny «Türkmengaz» konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary Türkmenistanyň Mary welaýatynda «Şerepli» gaz ýatagynda aldylar – diýip, «Nebit-Gaz» gazeti habar berýär.
Uglewodorod akymyny 2297-2291 metr çuňlukda №2-nji ulanyş-baha beriş guýysyndan almak başartdy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä – guýynyň debiti - her gije-gündizde tebigy gazyň 628 müň kub metrine deňdir.
Alnan çig malda kükürtli wodorodyň garyndylary ýok, bu bolsa onuň ýokary hillidigine we halkara ölçeglerine gabat gelýändigine güwä geçýär.
Mary welaýatynyň «Şerepli», şeýle hem «Kelleli» we «Garabil» gaz ýataklarynda işler dowam edýär.
ORIENT habarlar