Türkmenistan we Awstriýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wepa Hajyýew bilen Awstriýanyň daşary syýasat edarasynyň baş sekretary Peter Launski-Tiffentalyň arasynda geňeşmeler geçirildi, onuň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik we ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini bellediler we şertnama-hukuk binýadyny ösdürmekde gyzyklanma bildirdiler – diýip, Awstriýadaky türkmen ilçihanasy habar berýär.
Şeýle hem gürrüň diňe bir ikitaraplaýyn däl-de, eýsem köptaraplaýyn görnüşdäki işjeň hyzmatdaşlyk hakynda gitdi. Duşuşygyň jemleri boýunça iki ýurduň ýokary wezipeli adamlary öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallarlary etjekdiklerine ynandyrdylar.
ORIENT habarlar