Samsung

Si Szinpin Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde birinji sammite gatnaşmagyny mübärekleýär

Si Szinpin Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde birinji sammite gatnaşmagyny mübärekleýär

HHR we Merkezi Aziýa ýurtlary “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde geçiriljek birinji sammitde ägirt uly hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda aýdylýar.

“Şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýa üstünlikli amala aşyran döwlet saparyňyzyň barşynda Siziň bilen dostlukly we çuň manyly gepleşikleri geçirdik. Hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmagy, şeýle hem Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbalynyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegi bilelikde beýan etdik. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş ýoluny kesgitledi” – diýip, Si Szinpin gutlag hatynda aýdýar.

Hatda: “Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we şu ýylyň maý aýynda Hytaýda geçiriljek “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammite gatnaşmagyňyzy mübärekleýärin. Iki ýurduň hyzmatdaşlykdan uly netijeleri gazanmagyny üpjün etmek üçin Siziň bilen Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýärin” - diýilýär.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary HHR bilen Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurdy: Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli wirtual sammit geçirdiler.

ORIENT news