Samsung

Gyrgyzystan altynyň baý ätiýaçlyk goruny toplady - Prezident Japarow

Gyrgyzystan altynyň baý ätiýaçlyk goruny toplady - Prezident Japarow

– “Gyrgyzystan altynyň baý ätiýaçlyk goruny toplady” – diýip, Prezident Sadyr Japarow sişenbe güni Nowruz baýramçylygy mynasybetli eden çykyşynda aýtdy.

“Häkimiýet ulgamlarynyň bilelikdäki netijeli işi garaşsyz Gyrgyzystanyň tutuş taryhynda henize çenli gabat gelinmedik möçberde altyn ätiýaçlyklaryny ýygnamaga mümkinçilik berdi. Biz olary, strategiki ätiýaçlyk hökmünde, garaşylmadyk ýagdaýlar üçin saklaýarys" – diýip, döwlet baştutany Bişkek şäheriniň baş meýdançasy Ala-Tooda eden çykyşynda aýtdy.

Ozal iri Kumtor ýatagyndan altyn satmagyň ýollaryny öwrenmek boýunça mejlis komissiýasynyň başlygy Arslanbek Maliýew respublikanyň 45 tonnadan gowrak altyn toplandygyny, onuň 44 tonnasynyň ýurduň milli bankynyň ammarlarynda saklanýandygyny aýdypdy.

Şeýle hem, Prezidentiň sözlerine görä, respublikanyň ýolbaşçylaryna, dünýädäki kyn ýagdaýa garamazdan, birnäçe ugurlarda ykdysady üstünlikleri gazamak başartdy.

ORIENT news