Samsung

Türkmenistan Orta geçelgesinde ýönekeýleşdirilen üstaşyr meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan Orta geçelgesinde ýönekeýleşdirilen üstaşyr meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň «bir penjire» ýörelgesi boýunça «Gündogar-Günbataryň» ugrundaky Hazarüsti halkara Orta geçelgesiniň üstaşyr düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi taslamasy boýunça Köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy.

Çäre Bakuwda geçdi – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär. Duşuşykda taraplar üstaşyr gümrük düzgünlerini ýönekeýleşdirmegiň mehanizmlerini işläp düzmegi we ornaşdyrmagy we araçäkden geçmek tertibini tizleşdirmegi, ýagny e-TIR, e-CMR, e-Permit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gatnaşyjylar şeýle hem «Gündogar-Günbatar» Hazarüsti halkara Orta geçelgesiniň geljegine we sebit üçin onuň ähmiýetine garadylar.

Mejlisiň jemleri boýunça agza-ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň wekilleri bu ugurdan mundan beýläkki hyzmatdaşlyk boýunça degişli hereketleriň Meýilnamasyny kabul etdiler.

Köptaraplaýyn duşuşyga Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gruziýanyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýa, Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow, şeýle hem beýleki halkara guramalaryň birnäçesi gatnaşdylar.

Çeşmäniň habar bermegine görä, çäre 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda kabul edilen Türki döwletleriň guramasynyň 9-njy Sammitiniň Samarkand deklarasiýasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde bolup geçdi.

ORIENT habarlar