Gazagystanyň mümkin bolan ilkinji elektrik awtoulagy - üýtgeşik dizaýn we adaty bolmadyk gurluş

“Drom.ru” maglumat çeşmesi “Qoshcar GT Vision 1” awtoulagynyň suratlaryny çap etdi, onuň Gazagystanyň ilkinji elektrik ulagy bolmagy ahmal.
“Qoshcar GT Vision 1” elektromobiliniň rendering şekili görkezildi. Taslama heniz başlangyç tapgyrda, onuň üstünde işlemek üçin “Renault” kysymly awtoulaglaryň käbir modelleriniň we “Aurus” limuzinininiň üstünde işlän russiýaly awtodizaýnerler çekildi.
“Qoshcar GT Vision 1” arassa elektrik awtoulagy (Arap ýarym adasynyň ýurtlary, Hytaý we ABŞ üçin) we gibrid (Gazagystan we GDA ýurtlary üçin) görnüşinde hödürlener, diýlip çaklanylýar.
Awtoulagyň bahasy 100 müň dollar töweregi bolar. Önümçiligi Gazagystanda gurnamagy meýilleşdirýärler , munuň üçin ýurtda kuwwaty ýylda azyndan 4 müň awtoulaga barabar zawod gurlar.
“Qoshcar GT Vision 1” kompaniýanyň ilkinji modeli bolar, jemi bäşisi meýilleşdirilýär. “Qoshcar GT Vision 1” elektromobiliniň aýratynlygy onuň kuzowynyň “Grand Tour”, ýagny syýahatçylyk üçin niýetlenen ýokary tizlikli awtoulaglar üçin häsiýetli bolan (başga modeller hem göz öňünde tutuldy) şekilinde, assimetrik gapylarynda (çepde iki we sagda uly bir gapy) we öňdäki ýolagçy oturgyjynyň ýoklugynda jemlenýär.
Häzirki wagtda taslama söwda markasyny bellige almak üçin 30 ýurtda arza berdi we maliýeleşdirilmegi üçin çeşme gözleýär. Ilkinji prototipi işläp taýýarlamak we döretmek üçin, takmynan 2 million dollar gerek.
ORIENT news