Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» kanuna gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli parlamentiniň işini guramagy, onuň ygtyýarlyklaryny, işiniň tertibini we gurluşyny kesgitleýän «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» kanuna gol çekdi.
Kanunyň teksti 20-nji martda türkmen metbugatynda çap edildi we şol günden başlap güýje girdi.
Kanun 65 maddadan ybarat. Ol parlamentiň deputatlarynyň derejesini, onuň diwanynyň, komitetleriniň we komissiýalarynyň işleýşini, şeýle hem Başlygynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.
Indi Türkmenistanyň Mejlisi kanunçylyk häkimiýetini amala aşyrýan esasy organdyr. Ozal şeýle hukuga iki palataly parlamentiň düzümindäki başga bir gurluş – Halk Maslahaty eýedi.
Ýöne Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli organy hökmünde konstitusion kanunlaryň taslamalaryna seretmek we tassyklamak hukugyny saklap galýar. Şeýle hem häkimiýetiň we jemgyýetiň ähli şahalarynyň wekilleriniň agza bolup durýan bu organy kanun çykaryjylyk başlangyjyny özünde saklap galýar.
ORIENT habarlar