Samsung

Türkmen dzýudoçylary Saraýewoda ýaşlaryň arasynda Ýewropa 2023 kubogy ugrundaky ýaryşda 3 medal gazandylar

Türkmen dzýudoçylary Saraýewoda ýaşlaryň arasynda Ýewropa 2023 kubogy ugrundaky ýaryşda 3 medal gazandylar

Türkmen dzýudoçylary Saraýewoda (Bosniýa we Gersegowina) ýaşlaryň arasynda geçirilen Ýewropa 2023 kubogy ugrundaky ýaryşda 1 altyn we 2 sany kümüş medala mynasyp boldular.

Serdar Rahymow 66 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Birinji orun ugrundaky tutluşyklarda türkmen dzýudoçysy bäş ýeňiş gazandy, ol deslapky tapgyrlarda Ferro Waleriodan (Italiýa), Kşiştof Klimkewiçden (Polşa) we Marko Loýaniçiçden (Serbiýa) üstün çykmagy başardy.

1.jpeg

Ýarym final tapgyrynda Rahymow ysraýylly türgen Odin Ýuwaly ýeňdi we jemleýji tapgyrda bolsa rumyniýaly Flawiýa Lungudan güýçlüdigini subut etdi.

Baýmyrat Maýanowa türkmen ýygyndy toparynyň baýraklar goruny ýene bir medal bilen baýlaşdyrmak başartdy. Türkmen dzýudoçysy 100 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy.

3 (3)-1.jpeg

Ýaryşyň çärýek finalynda Maýanow Gal Bertalanigi (Serbiýa) ýeňmegi başardy. Ýarym finalda türkmen dzýudoçysy başga bir serbiýaly türgen Ognen Dýurişiçiň hötdesinden geldi. Çempionatyň finaly estoniýaly Ýakob Maresiň peýdasyna tamamlanyp, ildeşimiz Maýanow kümüş medala mynasyp boldy.

4 (2)-1.jpeg

Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminden 57 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Maýsa Perdäýewa hormat münberiniň ikinji basgançagyny eýeledi.

5 (3)-1.jpeg

Ilkinji nobatda, türkmen dzýudoçysy serbiýaly Kristina Nisawiçi ýeňdi. Ýarym finalda bolsa Ýuliýa Bulandadan (Polşa) üstün çykmagy başardy. Şeýle-de bolsa, final tutluşygynda Maýsa başga bir polýak dzýudoçy zenany Kinga Hmelewskiden asgyn gelip, çempionatyň kümüş medaly bilen kanagatlanmaly boldy.

Saraýewoda iki gün dowam eden ýaryşa dört yklymyň 18 ýurdundan 268 türgen (166 erkek we 102 zenan) gatnaşdy.

Bu ýaryşda Türkmenistana 13 dzýudoçy türgen (10 erkek we 3 zenan) wekilçilik etdi.

Artur Petrosyants