Samsung

Türkmenistan we Katar gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talabyny ýatyrýarlar

Türkmenistan we Katar gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talabyny ýatyrýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Kataryň emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen gepleşikleriniň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi – diýip, TDH habar berýär.

Gol çekilen resminamalaryň arasynda – diplomatik ýa-da gulluk pasportlary bolan şahslar üçin wiza talabynyň ýatyrylýandygy barada iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşyk bar. Resminamanyň kabul edilmegi döwletleriň meseleleriň giň görnüşi boýunça özara gatnaşyklary düýpli giňeltmek niýetine şaýatlyk edýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Kataryň hökümetleri maýa goýumlaryny höweslendirmek we ony ikitaraplaýyn goramak barada ylalaşyga gol çekdiler, - bu örän wajyp resminama bolup, ol dünýäde uglewodorod serişdeleriniň uly gory bolan ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam eder.

Bulardan başga-da aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama;
  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

ORIENT habarlar